ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid 31-nji oktýabrda Türkmenistana gelip, ÝHHG-niň Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri we beýleki ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar. Baş sekretar Aşgabatda, Türkmenistanyň daşary işler ministrligi tarapyndan guralan we geçirilýän «ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň forumyna» gatnaşar. Ýokary derejeli strategik ara alyp maslahatlaşma serhet howpsuzlygyna abanýan töwekgelçilikler, howanyň üýtgemeginiň täsirleri we has ysnyşykly gatnaşyklaryň tutuş sebite getirip biljek mümkinçilikleri ýaly sebitde ýüze çykýan kynçylyklara gönükdiriler. Duşuşyk Merkezi Aziýanyň ÝHHG-ä gatnaşyjy döwletleriniň bu kynçylyklary çözmek üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ÝHHG-niň bu tagallalary nädip goldap boljakdygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy mümkinçilikleri kesgitlemekde amatly meýdança öwrüler. Saparynyň barşynda Baş sekretar Şmid Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hem duşuşar.