Ýeňilmedik arap-çeçen söweşijisi Hamzat Çimaýew orta agram kategoriýasynda UFC-niň çempiony Şon Striklende garşy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek söweşe taýýarlanýar. Bu barada amerikaly söweşijiniň tälimçisi Erik Niksik MMA Junkie portaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, sportkp.ru belleýär. “Meniň pikirimçe, Hamzat bilen söweş 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde bolar. Ähli zat Çimaýewiň Kamaru garşy söweşde elini döwdürendigine ýa-da ýokdugyna bagly. Biz muny entek bilemzok. Söweşi wagt we geografiki taýdan amatly bolar ýaly etmeli. Men Hamzatyň çykyşyndan soň UFC-däki ýigitlerden habar aldym. Olar “Söweşmek islän wagtyňyz bize habar beriň we biz ähli zady gurnarys” diýip, ýazdylar” – diýip, Niksik aýtdy. Ýatlap geçsek, 21-nji oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynda Hamzat Çimaýew Kamaru Usmandan emin agzalarynyň aglaba köplüginiň karary bilen üstün çykdy. Şondan soň UFC-niň baş müdiri Deýna Uaýt Çimaýewiň guramanyň orta agramda çempiony Şon Striklend bilen söweşjekdigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir