Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift Billboard Music Awards – 2023 baýragynyň 20 nominasiýasynda dalaşgär görkezildi. Dalaşgärleriň doly sanawy baýragyň resmi saýtynda hödürlendi. Bu barada rbclife.ru habar berýär. 33 ýaşly ýerine ýetiriji we aýdymlaryň awtory “Iň gowy artist”, “Iň gowy zenan aýdymçy” kategoriýalarynda, şeýle-de “Iň köp satylan artist”, “Iň gowy kantri-artisti”, “Iň gowy kantri-aýdymçysy” kategoriýalarynda dalaşgär görkezildi. Onuň “Anti-Hero” aýdymy bäş baýraga, şol sanda “Iň gowy Hot 100 aýdymy” nominasiýasynda dalaş edýär. Nominasiýalaryň sany boýunça ikinji orunda (17) amerikaly kantri-aýdymçysy Morgan Uollen we soul-aýdymçysy SZA, üçünji orunda The Weeknd (16) ýerleşýär. Repçi Dreýk we kantri-sazandasy Zak Braýan 14 kategoriýada görkezildi. Olaryň yzyndan Lýuk Kombs (10 nominasiýa), 21 Savage (9), Metro Boomin (9), Maýli Saýrus (9), Beýonse (9), Rema (7), Bad Bunny (6), Peso Pluma (6), Ariana Grande (5), Dawid Getta (5), Eslabon Armado (5), Kerol Ji (5), NewJeans (5) we Selena Gomes (5) gelýär. Sylaglamanyň netijesi boýunça Teýlor Swift Billboard Music Awards baýraklarynyň sany boýunça Dreýkden öňe geçip biler. Häzir onuň hasabynda 23 heýkel, repçiniň hasabynda 27 heýkel bar. Baýrak gowşurylyş dabarasy 19-njy noýabrda geçiriler. Öňki dabara 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Las-Wegasda bolupdy. Iň köp baýrak alan Oliwiýa Rodrigo boldy – ol ýedi baýrak aldy. Kanýe Uest alty baýraga, Dreýk bäş baýraga mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir