Şu gün, 28-nji oktýabrda Ispaniýanyň La ligasynyň 11-nji tapgyr oýnunda Kataloniýanyň “Barselonasy” bilen Madridiň “Realy” duşuşar. Oýun Barselona şäherindäki “Olimpik Lýuis Kompanis” stadionynda geçirilip, Aşgabat wagty bilen 19:15-de başlanar. Ispaniýanyň çempionatynyň geçen möwsüminde birinji tapgyr oýunda “Real” 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy, ikinji tapgyrda bolsa “Barselona” 2:1 hasabynda utdy. 2023/2024-möwsüminde “Real” ispan Premýerasynyň ýaryş jedwelinde ikinji orny eýeleýär. Karlo Ançelottiniň topary 10 oýunda 25 utuk gazandy. “Barselona” 24 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir