Infiniti Vision Qe konseptini hödürledi. Bu marka 2025-nji ýylda önümçilik konweýerine çykjak ilkinji önümçilik elektrik awtoulagynyň buşlukçysy. Şol bir wagtyň özünde, awtoulag brendiň täze dizaýnyny görkezýär. Prototipine resmi taýdan sedan diýilýär. Şeýle-de bolsa, onuň sudury fastbeke ýa-da liftbeke has golaý. Soňky wersiýanyň süýşýän aýnaly dolybahaly bäşinji gapysynyň boljagy-bolmajagy entek belli däl. Infinitiniň täze dizaýn ugruna "Hereketdäki sungat" diýilýär. Onuň tapawutly aýratynlygy uzyn we birsydyrgyn çyzyklardyr. Vision Qe-iň keşbinde “kodlanan” üç esasy birleşme bu - adatdan daşarylyk, tizlik we nepislik. «Göze ýakymly altyn» öwüşginli yşyklandyryş we bezeg elementleri gara kuzow bilen kontrastlaşýar. Içiniň suratlary ýok. Ýaponlar elektrik ulagynyň güýç gurluşy barada hem hiç zat aýtmadylar. Bu konsepti noýabr aýyndan Ýokogamadaky Infiniti merkezinde göni ýaýlymda görmek bolar.