Astronomlar 380 müňden gowrak galaktikanyň takyk atlasyny döretdiler. Taslama gijeki asmanyň kartalaryny döretmek boýunça birnäçe asyrlap dowam eden işleri bir ýere jemledi. Alymlar ýakyn ýerleşen uly galaktikalaryň örän möhümdigini, sebäbi olaryň has takyk öwrenilip bilinjekdigini aýtdylar. Täze taslamanyň awtorlary ýokary duýgur gurallar arkaly alnan sanly şekilleri ulandylar. Döredijileriň bellemeklerine görä, täze atlas şu güne çenli iň takyk nusgadyr. Bu astronomlara we astrofiziklere maksada gönükdirilen gözegçilikler üçin “galaktikalaryň iň gowy nusgalaryny” tapmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, ol grawitasiýa tolkunlarynyň çeşmelerini we haýsy hadysalary döredýändigini kesgitlemäge kömek edip biler. Bu atlasy astronomiýanyň adaty muşdaklary hem öwrenip bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir