Miçigan döwlet uniwersitetiniň alymlary ýüz üçin ideg kosmetikalarynda ülje şänigini peýdalanmagyň usulyny tapdylar. Ülje şäniginiň ekstraktynyň garramagy haýallatmaga we deriniň saglygyny gowulaşdyrmaga ukyplydygy ýüze çykaryldy. Ülje azyk senagatynda şireleri, turşy erginleri we çakyr öndürmek üçin ulanylýar. Üljäniň şänigi ýaly galyndy önümleriň hemmesi diýen ýaly ýakylýar ýa-da zyňylýar. Bu bolsa topragyň, suwuň we howanyň hapalanmagyna sebäp bolup biler. Alymlar şeýle galyndylary peýdalanmaga synanyşdylar. Üljäniň şänigi arassalandy, peçde guradyldy we toz ýagdaýa getirildi. Soňra alymlar erginden ýa-da gury garyndydan käbir maddalary döretdiler. Alnan ekstraktyň antioksidantlara we polifenollara baýdygy anyklandy. Antioksidantlar bedende oksidlendiriji proseslere garşy göreşýän molekulalardyr. Olar garrylygy çaltlaşdyrýan erkin radikallar tarapyndan zeper ýeten molekulalary dikeldýärler (oksidlendiriji stres derejesini peseldýärler). Oksidlendirijji stres daşky gurşawyň hapalanmagy we ultramelewşe şöhleleriniň uzak wagtlap täsir etmegi sebäpli döräp biler. Polifenollaryň antioksidant häsiýetleri hem bar. Mundan başga-da, olar çişi aýyrmaga ukyplydyr. Alymlar ýüz üçin ýapgylaryň düzüminde şeýle ekstraktyň ulanylmagynyň dermatologiki keselleriň, ir garramagyň, psoriazyň we hatda rak keseliniň öňüni alyp biljekdigini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir