Şu gün, 28-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde boks agşamy geçiriler we onuň esasy wakasy Taýson Fýuri bilen Frensis Ngannunyň arasynda çempion tituly ugrundaky söweş bolar. Ýaryş Aşgabat wagty bilen 20:00-a meýilleşdirilýär, ýöne esasy duşuşyk 23:00-dan ir başlamaz. Ýeňiji WBC-den Er-Riýadyň çempiony guşagyny alar. Fýuri – Ngannu söweşi boksyň düzgünleri boýunça geçiriler we on raund dowam eder. Ýeňiş gazanmaga has ýakyn söweşiji Fýuri hasaplanýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir