26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany — Magtymguly Pyragy» atly döredijilikli çäre geçirildi. Bu çärede Magtymgulynyň ömri, döredijiligi, watançylyk, edep-terbiýe öwüt-nesihatlary, goşgularyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar, çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýewyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Bäşim Ýolamanowyň ýerine ýetirmegindäki aýdymlar eşitdirildi. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Oguzlar döredijilik toparynyň talyplary döredijilikli çykyşlary, aýdymdyr tanslary ýerine ýetirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir