9-njy oktýabra, ýekşenbe gününe geçilýän gije bölekleýin Aý tutulmasy bolup, ol 4,5 sagat töweregi dowam eder. Hadysa Aşgabat wagty bilen 01:14-de iň ýokary faza ýeter we şonda hemranyň görünýän diskiniň 12%-i Ýeriň kölegesine girer. “Aşgabat wagty bilen 0:35-den 01:53-e çenli Aý orbita boýunça hereketiniň dowamynda Ýeriň kölegesiniň demirgazyk böleginden geçer. Tutulmanyň iň uly fazasy Aşgabat wagty bilen 01:14-de bolar – bu wagtda Aý diskiniň 0,12-i Ýeriň kölegesine girer” – diýlip, planetariýada habar berilýär. Aý tutulmasy Ýewropada, Aziýada, Awstraliýada, Afrikada, Demirgazyk Amerikada, Günorta Amerikanyň demirgazyk we gündogar böleklerinde, Ýuwaş, Atlantik, Hindi ummanlarynda, Arktikada we Antarktidada görner. Tutulma wagty Aý Hamal ýyldyzlar toplumynda bolar. Onuň gapdalynda Ýupiter we beýleki birnäçe ýagty ýyldyzlar şöhle saçar. Aý tutulmasy 28-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen 23:01-de başlanar we 4 sagat 25 minut dowam eder. Ilkinji fazalar ýarym kölegeli bolar, şonuň üçin bu hadysany ýönekeý göz bilen tapawutlandyrmak kyn bolar. Aşgabat wagty bilen 0:35-de Aý Ýeriň ýarym kölegesine doly girer we Ýeriň kölegesine deger, şondan soň bölekleýin tutulma başlar. Bu wagt Aýyň günbatar gyrasynyň garalmagy aýdyň görner. Astronomlar hadysanyň Aýyň günorta gyrasynyň gyzarmagy bilen utgaşyp biljekdigini belleýärler. 29-njy oktýabrda 01:53-de Aý Ýeriň kölegesini terk eder, 03:26-da bolsa biziň planetamyzyň ýarym kölegesinden çykar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir