Şu gün Ispaniýanyň La Ligasynyň 11-nji tapgyr oýnunda Madridiň “Realy” bilen Kataloniýanyň “Barselonasy” duşuşdy. Oýun Barselonadaky “Olimpik Lýuis Kompanis” stadionynda geçirilip, “Realyň” 2:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Ilki bilen oýnuň 6-njy minutynda “Barselonanyň” düzüminde Ilkaý Gýundogan hasaby açdy. Soňra 68-nji minutda Madridiň “Realyndan” Jud Bellingem hasaby deňledi. Oýnuň esasy wagtyna goşulan goşmaça minutda (90+2) Bellingem öz hasabyna ýene bir goly ýazyp, topara ýeňiş getirdi. Şeýlelikde, oýundan soň Madridiň “Realy” 2023/24-möwsüminiň ispan Premýerasynyň ýaryş jedwelinde birinji orna çykdy. Karlo Ançelottiniň topary 11 oýunda 28 utuk gazandy. “Barselona” 24 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.​

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir