28-nji oktýabrda Er-Riýadda professional boks agşamy geçirildi we onuň esasy wakasynda super agyr agramda WBC-niň häzirki dünýä çempiony Taýson Fýuri bilen UFC-niň öňki çempiony, kamerunly söweşiji Frensis Ngannu duşuşdy. Söweş on raund dowam edip, emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Fýuriniň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Belläp geçsek, üçünji raundda Fýuri Ngannunyň güýçli urgusyndan soň nokdauna düşdi. Britaniýalynyň hasabynda professional ringde 35 söweş bolup, olaryň 34-üsinde ýeňiş gazandy we bir söweş deňme-deňlik bilen tamamlandy. Frensis Ngannu üçin bu professional ringde ilkinji çykyş boldy. Öň, ol garyşyk başa-baş söweşlerde 20 söweşe gatnaşyp, 17 ýeňiş gazandy, üç gezek ýeňlişe sezewar boldy. Fýuri indiki söweşini ukrainaly boksçy Aleksandr Usik bilen geçirip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir