Türkiýe 2024-nji ýylda Togg milli elektrokaryny Ýewropa eksport edip başlamagy we wagtyň geçmegi bilen ony dünýä markasyna öwürmegi meýilleşdirýär. Report agentliginiň TRT Haber teleýaýlymyna salgylanyp belleýşi ýaly, bu barada ýurduň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr habar berdi. “Häzirki wagtda biz günde 180-200 awtoulag ýygnaýarys, iki-üç hepdeden bu görkezijini 280-e ýetirmegi meýilleşdirýäris. 2024-nji ýylda biz özüne çekiji bazar bolan Ýewropa elektrokarlary eksport edip başlamagy, soňra Togg-y dünýä markasyna öwürmegi meýilleşdirýäris” – diýip, ministr aýtdy. Togg elektrokary 2019-njy ýylda Türkiýede tanyşdyryldy, onuň önümçiligi ýurduň günbataryndaky Bursa sebitinde ýola goýuldy. Türkiýede Togg 2023-nji ýylyň mart aýynda satuwa çykaryldy. Öň, Türkiýäniň häkimiýetleri ýedi ýylyň dowamynda, takmynan, 1 mln elektromobil öndürmek meýilnamasy barada habar berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir