Hindistanyň Tata Group konglomeraty 2,5 ýyldan içerki we dünýä bazarlary üçin Apple amerikan kompaniýasynyň iPhone smartfonlaryny öndürip başlar. Bu barada Hindistanyň Kwalifikasiýany we telekeçiligi ýokarlandyrmak meseleleri boýunça döwlet ministri Rajiw Çandrasekara salgylanyp, Report agentligi habar berýär. “Bary-ýogy 2,5 ýyldan Tata Group içerki we dünýä bazarlary üçin Hindistanda iPhone öndürip başlar” – diýip, ol X sosial ulgamynda ýazdy. Döwlet ministri munuň konglomerat tarapyndan Apple-iň üpjün edijilerinden biriniň – Hindistanyň Karnataka günorta ştatyndaky Wistron Corp. taýwan korporasiýasynyň zawodynyň satyn alynmagy bilen mümkin bolandygyny aýtdy. Çandrasekar bu şertnamanyň Günorta Aziýa respublikasyndan elektronika öndüriji hindi kompaniýalarynyň gatnaşmagynda global üpjünçilik zynjyryny gurmaga möhüm goşant goşjakdygyny belledi. Wistron Corp. korporasiýasynyň metbugat relizinde öň kompaniýanyň müdirler geňeşiniň mejlisinde Hindistanda 100% paýy Tata Group-a satmak baradaky şertnamanyň ylalaşylandygy bellenilýär. Şertnamanyň bahasy 125 mln dollar boldy. Şeýlelik bilen, Tata Group Hindistan we beýleki dünýä bazarlary üçin iPhone ýygnajak ilkinji hindi kompaniýasy bolar. Tata Group bilen Wistron Corp.-yň arasyndaky gepleşikler birnäçe aý dowam etdi. Karnatakadaky Wistron Corp. zawodynda iPhone 14 eýýäm ýygnalýar.