Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Karagandy oblastynda ýerleşýän Kostenko adyndaky şahtada bolup geçen ýangynyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. 28-nji oktýabra geçilýän gije Kostenko adyndaky şahtada ýangyn ýüze çykdy we metan partlamasyna getirdi. Soňky maglumatlara görä, şahtada 35 adam aradan çykdy, gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Tokaýew ýurtda 29-njy oktýabry pida bolanlaryň hatyrasyna matam güni diýip yglan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir