ürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şahtada bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi. “Gazagystan Respublikasynyň Karagandy oblastynda ýerleşýän Kostenko adyndaky şahtada bolup geçen ýangynyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim” diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gynanç hatynda bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. 28-nji oktýabra geçilýän gije Kostenko adyndaky şahtada ýangyn ýüze çykdy we metan partlamasyna getirdi. Soňky maglumatlara görä, şahtada 35 adam aradan çykdy, gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Tokaýew ýurtda 29-njy oktýabry pida bolanlaryň hatyrasyna matam güni diýip yglan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir