Aşgabatdaky «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ýerleşýän «Ak Ýol» banket zaly ajaýyp toý dabaralaryny, ýubileýleri we beýleki möhüm maşgala çärelerini geçirmek üçin amatly ýer hökmünde özüni tanatdy. Mundan başga-da, bu ýerde yzygiderli sadakalar we baýramçylyk korporatiw çäreleri geçirilýär. «Ak Ýoldaky» islendik çäre iň ýokary derejede gurnalýar. Munuň üçin bu ýerde ähli zerur baýramçylyk şertleri, ýokary hünär derejeli işgärler we elbetde, dünýäniň hem-de milli aşhananyň dürli tagamlaryndan ybarat menýu bardyr. Howa gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylan rahat we ajaýyp bezelen dabaralar zaly müňe çenli myhmany kabul edip bilýär. Çäräni sargyt edijileriň islegleri boýunça ussat alyp baryjylaryň we aýdymçylaryň hyzmatlary hem hödürlenýär. Bu ýerde çagalar barada hem alada edilýär, olar üçin ýörite enjamlaşdyrylan oýun meýdançasy we animatorlar göz öňünde tutulandyr. «Ak Ýol-dan» özüne çekiji bonuslar: ýaş çatynjalar üçin myhmanhanada lýuks otag, «Lincoln» kabriolet awtoulagy, zal üçin mugt yşyklandyryş we ses dizaýny, lazer we tüsse şüweleňi, şeýle hem toý dabaralarynyň tölegini 36 aýa çenli möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi. «Ak Ýol» myhmanlara şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Bagtyýarlyk köç., 15, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38. Şeýle-de okaň: «Ak Ýol» toý mekany geljekki ýaş çatynjalary gyş möwsüminde toý senesini bellemäge çagyrýar Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany sadaka bermek hyzmaty üçin sargytlary kabul edýär

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir