Şu gün Aşgabatda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň III maslahaty geçirildi. Bu barada HHM habar berdi. Daşary ýurtly it ýetişdirýän hünärmenler hem, wideokonferensiýa arkaly foruma goşuldylar. Sanly aragatnaşyk arkaly baglanyşan Halkara Assosiasiýanyň agzalary tohumyň ýagdaýy barada maglumat ýygnamagyň we alyş-çalyş etmegiň, onuň taýpalaýyn köpelmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň, sanyny gorap saklamagyň we köpeltmegiň möhümdigini bellediler. Metodiki konferensiýalary, sergileri, ýaryşlary, seminarlary, ylmy dabaralary, leksiýalary we tegelek stollary ýaly çäreleri geçirmegiň ähmiýeti bellendi. Çykyş edenler, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň, alabaý itleriniň genofondyny gorap saklamak we geljekki nesiller üçin bu ajaýyp itleriň arassa wekilleriniň sanyny artdyrmak üçin alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir