Şu gün saýlaw ulgamynyň işi bilen giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň resmi saýtynda habar berildi. Önümçilik tejribesinde diňleýjilere saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek giňişleýin düşünje berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmelerdir goşmaçalar, saýlaw toparlaryň döredilişi we ygtýarlyklary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlara sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy boýunça aýdyldy. Saýlaw ulgamynda halkara gatnaşyklary we halkara synçylary, şeýle hem 2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýurtda guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary, şeýle-de, 23-nji iýulda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary hem-de olaryň jemleri barada giňişleýin düşünje berildi. Şeýle hem gyzykly sowal-jogaplar alşyldy diýlip, habarda bellenilýär.