ABŞ-nyň Wekiller Palatasy dördünji gezek ses berlişikde başlygy saýlady, ol Respublikaçylar partiýasynyň Luiziana ştatyndan wekili Maýk Jonson diýip, «Report.az» ýazýar. Ýurduň Kongresiniň aşaky palatasynda köplük bolan Respublikaçylar partiýasy onuň kandidaturasyny deslapdan tassyklady. 51 ýaşly Jonson eýýäm dördünji gezek Wekiller palatasyna saýlanýar. Ol Amerikanyň öňki Prezidenti Donald Trampyň tarapdary hasaplanýar, Jonson 20 ýyllap Konstutusion hukugy bilen meşgullandy. Wekiller palatasy üç hepdeläp, öň wezipesinden aýrylan başlyk Kewin Makkartini oruntutaryny saýlap bilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir