Orta Geçelgäni öz üstünden geçirýän ýurtlarda baý tebigy baýlyklara eýe, bu bolsa geçelgäniň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip, Baku halkara deňiz söwda portunyň baş direktory Taleh Ziýadow aýtdy. Ol muny Tbilisidäki 4-nji Halkara «Ýüpek ýoly» forumynda mälim etdi diýip, «Report.az» habar berdi. Şeýle hem baş direktor Baku portunyň strategik taýdan möhüm orny barada gürrüň berdi. «Hytaýdan Ýewropa barýan ýol ähli standartlara laýyk gelmelidir. Biziň hyzmatdaşlarymyz Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Gruziýa, Türkiýe bu uly taslama goşant goşmalydyr. Logistika infrastrukturasynyň hemmesini döretmek biziň üçin möhüm. Sebäbi ykdysady ösüş konteýnerleriň çalt eltilmegine we olaryň dessine düşürilmegine baglydyr» diýip, Taleh Ziýadow belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir