Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň karargähiniň Atçylyk we kinologiýa gullugynyň uly tehnigi, yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi Umytjan Rozymyradowiç Nurmämmedowa; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň Aşgabat gümrük nokadynyň müdiriniň orunbasary, hususy itşynas Gurbannazar Gurbannazarowiç Ezizowa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, şu gün Aşgabatda geçirilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň III maslahatynyň barşynda bu raýatlara mynasyp bolan hormatly adynyň nyşany gowşuryldy. Şeýle-de maslahatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna täze kabul edilen agzalara agzalyk şahadatnamasy gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir