Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. 27-nji oktýabrda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG ÝYK-iň arasynda ýaşyl energiýa ulgamynda, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça pikir alyşdylar. Gün hem-de ýel energiýasy ulgamynda BMG ÝYK ekspertleriniň goldawynyň geljekki mümkinçiligini, şeýle-de öňdebaryjy energiýa saklaýyş, geçiriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler halkara jemgyýetçiligi bilen özara hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini belläp, BMG ÝYK tarapyndan guralan çäreleriň we Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň olara gatnaşmagynyň ähmiýetini bellediler. Duşuşykda 2025-nji ýylda Türkmenistanda durnukly energiýa boýunça Halkara forumyny geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir