Russiýa Federasiýasy sebitdäki ýurtlaryň, ýagny Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň Hazar «bäşligi» formatyndaky işine ygrarlydygyny mälim etdi. Muny Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazar hyzmatdaşlygy boýunça pudagara toparyň ilkinji mejlisinde aýtdy diýip, «Report.az» habar berdi. «Russiýa bu sebitiň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlygy zolagy hökmündäki ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, Hazar «bäşligi» formatyndaky işjeň döredijilik işine ygrarly» diýip, rus daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy aýtdy. Hazar deňzinde bäş taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary örän möhüm we biri-biri bilen baglanyşykly diýip, S.Lawrow sözüniň üstüni ýetirdi. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny gowulandyrmak zerur. «Sebitara we parlamentara gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň möhüm gurallary bolmagynda galýar» diýip, rus diplomaty belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir