Şowhunly ýubileý we toý dabarasy, çagalaryň doglan güni we işewürlik oturlyşygy, baýramçylyk saçagy we myhmançylyga barmak. Bu wakalaryň islendik birini hem süýji we ajaýyp tortsyz göz öňüne getirmek kyn. Şeýle tortlary Berkarar söwda-dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda ýerleşýän «Soltan» restorany türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna sargyt esasynda we dürli görnüşlerde hödürleýär. Özboluşly dizaýndan başga-da, restoranyň konditerleri tortlaryň ajaýyp tagamyny kepillendirýärler. Bu tagama hatda süýjüliklere içgin düşünýänler hem ýokary baha bererler. Müşderiniň haýyşy boýunça önüm şemler ýa-da ýörite iýilýän bezegler bilen bezelip bilner. «Soltanda» tortlar taýýarlanylanda diňe ter we tebigy önümler peýdalanylýar, bu bolsa süýjülikleriň ýokary hilini, ýakymly ysyny we gaýtalanmajak tagamyny kepillendirýär. Restoranda öňden tanalýan meşhur tortlaryň, şeýle hem özboluşly resept boýunça taýýarlanan görnüşleriň islendigini sargyt etmek mümkindir. Konditerler müşderileriniň ähli isleglerini durmuşa geçirmäge we hakyky aşpezlik eserini döretmäge uly höwes bilen taýýardyrlar. Tortlaryň takyk bahasy saýlanan reseptine, konditer önüminiň dizaýnyna we agramyna baglylykda hasaplanýar. Müşderiniň islegi boýunça torty görkezilen salga eltip bermek hyzmaty amala aşyrylýar. «Soltan» restoranynda tortlary sargyt etmek barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir