27-nji oktýabrda «Galkynyş» tans topary hem-de Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa «Piramida» medeni dynç alyş toplumynda geçirilen «Kazandaky Gündogar bazary» türki halklarynyň halkara festiwalynyň gala konsertine gatnaşdy. Türkmen artistleriniň çykyşy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. «Gadymy döwürlerden bäri gündogar bazary dürli medeniýetleriň, birek-birege hormat goýmagyň we netijeli hyzmatdaşlygyň birleşýän ýeri bolup durýar. Aýdymlar bolsa hemmeler üçin düşnükli, islendik halkyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Festiwalyň köptaraplaýyn ynsanperwerlik gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup, türki we gündogar dünýäsiniň taryhy, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň ýakynlygynyň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigine ynanýaryn» diýip, Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow belledi. Bu barada business-gazeta.ru neşiri habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir