Ýylba-ýyldan filmleriň dowamlylygy uzalýar, eger öň kinotomaşaçylar üçin filmiň dowamlylygy 90-dan 120 minuda çenli kabul ederlikli bolan bolsa, bu gün olar kinoçylaryň filmleriniň üç sagat we ondan hem uzak dowam etmegine oňyn garaýarlar diýip, «Filmpro.ru» ýazýar. Mysal üçin, Martin Skorzesäniň köp garaşylan «Gülli Aýyň ganhorlary» atly täze filmi 3 sagat 26 minut dowam edýär. Ýagdaý bilen baglylykda, «The Journal» neşiri tomaşaçy üçin iň amatly dowamlylygy kesgitlemek boýunça pikirsoralyşyk geçirdi. Oňa 8 müň adam gatnaşdy. Netijede, kinosöýüjileriň agramly bölegi (34,3 göterim) 2 sagadyň filmiň dowamlylygy babatda iň oňat ölçegdigini bellediler. Dowamlylygy 2,5 sagatlyk film üçin pikiri soralyşanlaryň 27,9 göterimi, 3 sagat we ondan hem köp dowam edýän filmler üçin 12,5 göterimi ses berdi. 90 minutlyk dowamlylygyň tomaşaçylaryň arasynda o diýen meşhur däldigi belli boldy, oňa pikiri soraşylanlaryň 8,1 göterimi ses berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir