Braziliýada oktýabrda deňiz süýdemdirijileriniň 500-den gowragy guş dümewinden pida boldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Habarda keseliň Praýýa-du-Kassino sebitiniň günortasynda ýüze ýaýrandygy aýdylýar. Ol ýerde suwa düşülýän ýerlerde özlerini kenara taşlan deňiz jandarlarynyň läşleri tapyldy. Ýerli häkimiýetler keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri gördüler. Olar şeýle hem ýerli ýaşaýjylara seresap bolmagy we keselli jandarlardan gaça durmagy maslahat berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir