4-nji noýabrda Türkmenistanda nobatdaky «ýaşyl» ekologiýa çäresine — güýzki bag ekiş möwsümine badalga berler. Şol gün ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy. Döwlet Baştutany ýurduň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewe geljek hepdede geçiriljek bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir