Günorta Koreýanyň alymlary «berlin mawysynyň» – giň ýaýran gök reňk pigmenetiniň esasynda mikroskopik robotlary döretdiler. Olar suwy plastik bölejiklerden arassalarlar. Berlin mawy reňki birnäçe asyr bäri tanalýar. Onuň düzümine demir, uglerod we azot girýär. Milli ylym we tehnologiýalar barlag geňeşiniň topary kiçijik plastik böleklerini tutup bilýän gözenekli gurluşlary ýasamak üçin ulanylyp bilinjekdigini ýüze çykardy. Şeýle hem olara lazer şöhlesi gönükdirilse, belli bir ugra plastigi daşap bilýärler. Alymlar boýagy metal-organiki çarçuwalara – özlerini plastik bölejiklere siňdirýän üç ölçegli polimer gurluşlaryna öwürdiler. Synaglaryň dowamynda nanorobotlar diametri 150 nanometre çenli plastik bölekleriniň 99%-ini üstünlikli tutmagy başardy. Olaryň görkezen netijesi suwdan plastigi aýyrmak üçin ulanylýan beýleki serişdelerden 250 esse gowy boldy. Şol bir wagtyň özünde, nanorobotlar adamlar üçin howpsuzdyr we iş gutarandan soň aňsatlyk bilen aýrylyp bilner.