Surreý uniwersitetiniň britan alymlary kömürturşy gazyny netijeli siňdirýän we kislorody bölüp çykarýan Chroococcidiopsis cubana bakteriýalary arkaly bioreňk döretdiler. Alymlaryň pikirine görä, bu gurluş Ýeriň ýüzünde-de, Marsyň ýowuz gurşawynda-da ulanylyp bilner. Chroococcidiopsis cubana bakteriýalary Mars planetasyndaka meňzeş şertleri bolan çöllerde ýaşaýar. Mikroorganizmler aşa pes ýagtylyk şertlerinde-de fotosintez etmek ukybynyň kömegi bilen diri galýarlar. Mikrobiologlar mikroorganizmleriň howpsuz ýaşap bilmekleri üçin latekse we toýun nanobölejiklerine esaslanýan ýörite örtük döretdiler. Soňra olar 30 günüň dowamynda mikroblaryň kömürturşy gazyny siňdirip, kislorod öndürýandiklerini synladylar. Netijede, bioreňkiň bir aýyň dowamynda her günde biomassanyň her gramyna 0,4 grama çenli kislorody durnukly bölüp çykarýandygy anyklanyldy.