«Realyň» baş tälimçisi Karlo Ançelotti Madrid klubunda galyp biler. Žurnalist Ramon Alwaresiň sosial ulgamlarda habar berşi ýaly, “Realyň” ýolbaşçylygy italýan hünärmenine täze şertnama teklip etdi we taraplar şertnamany uzaltmak barada gepleşik geçirýärler. Ançelottiniň şu möwsümiň ahyrynda Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etjekdigi öň habar berlipdi. Karlo Ançelottiniň 2021-nji ýyldan bäri “Realyň” başynda durandygyny ýatladýarys. Ondan öň italýan hünärmeni iňlisleriň “Ewerton” toparyna ýolbaşçylyk edipdi. Häzirki wagtda Madridiň kluby Ispaniýanyň La Ligasynda 10 oýnuň netijelerine görä 25 utuk toplap, öňde barýar.