Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutany iki ýurduň işewürlik maslahatynda eden çykyşynda häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli iri taslamalaryň meýilleşdirilýändigini belledi we olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri we ussatlygy talap edýändigi nygtady. «Şonuň üçin biz agzalan taslamalary, aýratynam döwrebap akylly şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek «Aşgabat-Siti» konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrýarys» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.