Germaniýa ýenanyň hümmetiniň dollara we ýewro garanda pese gaçmagynyň esasynda 2023-nji ýylyň ahyryna çenli nominal jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça Ýaponiýadan öňe geçip, dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň arasynda üçünji orny eýeläp biler. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, Report habar berýär. Agentlik Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna salgylanyp, GFR-iň nominal JIÖ-niň şu ýyl 4,43 trln dollar boljakdygyny görkezýär. Ýaponiýa üçin çaklama görkezijisi 4,23 trln dollara barabar. Şol bir wagtyň özünde, Germaniýada jan başyna düşýän JIÖ-iň ortaça derejesi 52 824 dollara, Ýaponiýada 33 950 dollara deň bolar. Bloomberg-iň belleýşi ýaly, çaklama täzeden seredilmegi ýapon walýutasynyň “düýpli arzanlamagy” bilen baglanyşyklydyr, häzir 1 ýewro, takmynan, 160 ýena barabar. HPG-niň soňky maglumatlaryna görä, ABŞ we HHR 2023-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň sanawynda birinji we ikinji orunlaryny saklarlar. ABŞ-nyň hakyky JIÖ 2,1%, Hytaýyňky – 5% ýokarlanar.