Ençeme gürrüňlerden soň Apple ikinji güýzki tanyşdyrylyş dabarasyny resmi taýdan anons etdi, ol 31-nji oktýabrda geçiriler. Bu barada 9to5Mac neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Apple-iň täze çäresi baradaky bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy. Görnüşi ýaly, dabara “Scary fast” (“Örän çalt”) adyny aldy we Aşgabat wagty bilen 05:00-da başlar. Adatça, Apple üçin her bir çäräniň anonsy wideo otkrytka bilen bilelikde bolýar. Ikinji güýzki tanyşdyrylyş hem kadadan çykma bolmady – animasiýa kölegä gidip, öz ornuny macOS üçin Finder geçirijisiniň nyşanyna berýän kompaniýanyň logotipini görkezýär. Şeýle tizer dabaranyň Apple-iň täze kompýuterlerine bagyşlanjakdygyny aňladýar. Aýratynam, kompaniýa täzelenen iMac we MacBook Pro kompýuterlerini hödürlemeli. 9to5Mac tanyşdyrylyş dabarasynyň doly wirtual boljakdygyny ýazýar. Ýagny, kompaniýa täze gurluşlary Apple Park-a žurnalistleri ýygnamazdan göni ýaýlymda görkezer. Ýaýlymy kompaniýanyň resmi saýtynda ýa-da YouTube kanalynda görmek bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir