Alphabet holdinginiň maliýe görkezijileri III çärýegiň jemi boýunça Wall Street analitikleriniň çaklamasyndan ýokary boldy, holdinge degişli bolan YouTube wideo platformasy bolsa 7,95 mlrd dollar mahabat girdejisini görkezdi, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12,5% köpdür diýip, 3dnews.ru belleýär. FactSet-iň maglumatlaryna görä, analitikler YouTube-yň mahabatdan gazanan girdejisiniň III çärýekde 7,81 mlrd dollar boljakdygyny çakladylar, ýöne platforma bu görkezijiden geçmegi başardy. Bir ýyl ozal YouTube hünärmenleriň garaşanyny ödemedi – şonda girdeji 1,9% peselipdi. Alphabet öz hasabatynda YouTube-yň diňe mahabat girdejilerini görkezýär, YouTube TV, YouTube Premium we YouTube Music abunalaryndan gazanylan girdejiler, şeýle-de NFL Sunday Ticket oýunlaryny ýaýlyma bermek boýunça eksklýuziw şertnamadan alnan girdejiler bolsa mälim edilmeýär. Şertnama ýedi ýyl möhlet bilen baglaşyldy – Google Milli amerikan futbol ligasyna ýylda 2,5 mlrd dollar töleýär we bu möhletiň dowamynda kompaniýa şertnamadan ep-esli girdeji gazanmagy göz öňünde tutýar diýip, Alphabet-iň we Google-yň baş maýa goýum müdiri Rut Porat belleýär. Soňky ýyllar YouTube TikTok bilen güýçli bäsdeşligi başdan geçirýär – garşylykly çäreleriň biri YouTube Shorts bölüminiň peýda bolmagy boldy. Her gün bu ýerde 70 mlrd wideo görülýär, iň bolmanda, aýda bir gezek bölüme 2 mlrd ulanyjy girýär diýip, Alphabet-iň ýolbaşçysy Sundara Piçai belleýär. 2024-nji ýylda Google Podcasts hyzmaty ýapylar – kompaniýanyň ekoulgamynda podkastlar üçin esasy platforma YouTube Music bolar.