Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda ýurduň bäş ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda “BMG-niň modeli” bäsleşigini geçirdi. Bäsleşigiň esasy maksady Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň (AHÄJ) kabul edilmeginiň 75 ýyllygyny hem-de Wena jarnamasynyň we Hereket meýilnamasynyň (WJHM) 30 ýyllygyny bellemekdi. Talyplar parahatçylyk we howpsuzlyk, mümkinçiligi çäkli adamlaryň hukuklary we mümkinçilikleri, çagalaryň hukuklaryny goramak, gender deňligi, şeýle-de jyns taýdan kemsitmeleriň öňüni almakda AHÄJ-niň we WJHM-niň roly bilen baglanyşykly dürli temalary hödürlediler. Bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekilleri hem-de BMGÖM-niň milli we halkara hünärmenleri girdi. Talyplaryň iň gowy çykyşlary baýraklar we şahadatnamalar bilen tapawutlandyryldy. Bu bäsleşik talyplara köpçüligiň öňünde çykyş etmek, çekişme endiklerini ösdürmäge hem-de halkara gatnaşyklaryna we adam hukuklaryny goramagyň ähmiýetine has gowy düşünmäge kömek etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir