25-nji oktýabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda sportda dopinge garşy göreşmek boýunça taraplaryň Konferensiýasynyň dokuzynjy sessiýasy başlady. Bu çärä Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň baş hünärmeni M. Ýaýlymowa hem girýär. Taraplaryň konferensiýasynyň dokuzynjy sessiýasy sportda doping bilen göreşmegiň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmaga we bu ugurda strategiki çäreleri kabul etmäge gönükdirilendir. Sessiýanyň ýene bir möhüm meselesi sport ýaryşlarynda ýokary netijeliligi we ahlaklylygy üpjün etmek üçin Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmekde gatnaşyjy döwletleriň jogapkärçiligini güýçlendirmek baradaky tekliplerden ybarat. Duşuşykda 2024-2025-nji ýyllara çenli sportda dopingi ýok etmäge gönükdirilen Gaznanyň taslamalaryna aýratyn üns berilýär. Konferensiýa gatnaşyjylar sportda dopingiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça netijeli strategiýalary we gurallary işläp taýýarlamak üçin işjeň pikir alyşýarlar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň dopinge garşy göreş Konwensiýasyny heniz 2011-nji ýylda tassyklady. Bu ýurduň bellenilen meselä örän çynlakaý garaýandygyny görkezýär. Şeýle-de, Türkmenistan Olimpiýa nyşanlarynyň goragyny düzgünleşdirýän Naýrobi şertnamasyna goşuldy we Milli dopinge garşy göreş agentligini döretdi.