Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ulag-kommunikasiýa pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giňgöwrümli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa we deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi. «Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag sektorlarynyň we hususy ulag-logistika kompanilarynyň gatnaşmaklarynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip, Prezident belledi.