26-njy oktýabrda Ankarada ýokary derejeli duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti gepleşikleriň netijelerini teswirläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini Ankarada kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygy bellenildi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan gepleşikleriň gün tertibine girizilen meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýe bolmagynyň türk hyzmatdaşlary guwandyrýandygyny nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşygyň netijelerini beýan etmek bilen, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan ýene-de birnäçe günden bellenilip geçiljek Türkiýäniň milli baýramy — Respublikanyň 100 ýyllyk ýubileýi bilen türk tarapyny tüýs ýürekden gutlady we abadançylyk arzuw etdi. Duşuşyklaryň dowamynda sebit we halkara syýasatyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýän meselelere, hususan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer häsiýetiniň ýokarlandyrylmagy ýaly mowzuklara üns berdik diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi. Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesiniň ahyrynda gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine hem-de doganlyk ýurtlarymyzyň bähbitlerine, abadançylygyna hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi. Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir