26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Ankarada berlen resmi agşamlyk naharyndan soňra, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Rejep Taýyp Ärdogan Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardylar. Howa menzilinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar hem-de iki doganlyk halka rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Birnäçe sagatdan soňra, Serdar Berdimuhamedowyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Şeýle hem bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.