Quadrant YouTube kanalynda wideo ýerleşdirildi we onda meşhur Nýurburgring ýolunyň Peel P50 awtomobili bilen geçilişi görkezilýär. Wideonyň awtorlary ony meşhur ýaryş ýolunyň iň kiçi we iň haýal awtomobili diýip atlandyrdylar. Bu Britaniýanyň 60-njy ýyllarda çykarylan üç tekerli mikroawtomobilidir. Şol wagtlar jemi 50 birlik çykarylýar. 2010-njy ýylda bolsa iki işewür olary sähel üýtgeşmeler bilen täzeden öndürmek üçin täze kompaniýany esaslandyrýar. P50 49 kub hereketlendirijisinden, takmynan, üç-dört at güýjüni berýär. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 60 km barabar. Öňki awtomobil ýaryşyna gatnaşyjy Maks Fýutrell Demirgazyk halkasy boýunça uzyn we haýal aýlawy geçdi. Oňa çepe öwrümiň aýratyn howply boljakdygy, sebäbi hereketlendirijiniň P50-niň sag tarapynda oturdylandygy we munuň awtomobiliň agdarylma ähtimallygyny ýokarlandyrýandygy duýduryldy. Fýutrell munuň awtomobiliň rulunda häli-häzire çenli başdan geçiren iň ünsli we dartgynly ýagdaýy bolandygyny aýtdy. Gürrüňiň “Formula 3” ýaryşlaryna gatnaşan adam barada gidýändigine ünsi çekmek gerek. Fýutrell aýlawy 25:44,136 wagty bilen geçdi. P50 awtomobili Auto Motor uns Sport synaglarynda 24:50,570 wagtyny görkezen Claas Xerion 5000 traktoryndan hem ýaramaz netijäni görkezdi. Täze Civic Type R aýlawy 7:44,881 wagty bilen geçýär.