“FourFourTwo” žurnaly “Mançester Ýunaýtediň” taryhynda iň gowy oýunçylaryň reýtingini düzdi. Sanaw neşiriň resmi saýtynda hödürlendi diýip, gazeta.ru ýazýar. Birinji orny Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1966-njy ýylyň dünýä çempiony Bobbi Çarlton eýeleýär. Onuň hasabynda topar üçin 606 oýunda 199 gol bar. Ikinji orunda “Altyn topuň” eýesi Jorj Best gelýär – 360 oýunda 143 gol. Üçlügi 12 ýyl (1982 – 1994 ý.) toparyň kapitany bolan Braýan Robson jemleýär. Onuň hasabynda 339 oýunda 69 gol bar. Iň gowy oýunçylaryň onlugyna portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu goşulmady. Ol topar üçin 346 oýna gatnaşyp, 145 gol geçirdi. Toparyň düzüminde Angliýanyň Premýer-ligasynyň üç gezek çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. “MÝ-niň” taryhynda iň gowy futbolçylaryň ilkinji onlugy: Bobbi Çarlton (Angliýa); Jorj Best (Demirgazyk Irlandiýa); Braýan Robson (Angliýa); Erik Kantona (Fransiýa); Denis Lou (Şotlandiýa); Ueýn Runi (Angliýa); Raýan Giggz (Uels); Dunkan Edwards (Angliýa); Petr Şmeýhel (Daniýa); Pol Skoulz (Angliýa).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir