“PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe Çempionlar ligasynyň sekiz öý oýnunda yzygiderli gol geçirmegi başaran ilkinji fransiýaly oýunçy boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň saýtyna salgylanyp, Report habar berýär. Bu görkeziji boýunça Mbappe 2001-nji ýylyň mart aýyndan 2002-nji ýylyň fewral aýyna çenli Angliýanyň “Arsenal” toparynda çykyş edip, yzygiderli ýedi öý oýnunda gol bilen tapawutlanan Týerri Anriden öňe geçdi. Mbappe Italiýanyň “Milan” toparyna garşy öý oýnunda gol geçirdi. “PSŽ” 3:0 hasabynda utdy. Mbappe 32-nji minutda gol geçirdi. 53-nji minutda hüjümçi Randal Kolo Muani topary üçin ikinji goly tora girizdi. 89-njy minutda oýunçy Li Kan In hasaby üçe ýetirdi. Şeýlelik bilen, “PSŽ” üç oýundan soň alty utuk bilen F toparçanyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. “Milan” bary-ýogy iki bal gazanyp, toparçanyň jedwelini ýapýar. Çempionlar ligasynyň indiki oýnunda “PSŽ” bilen “Milan” ýene duşuşar. Oýun 7-nji noýabrda Italiýada geçiriler.a

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir