Mavi gündelik egin-eşikleri hem-de jinsileri öndürmek babatda Türkiýäniň iň öňdäki brendleriniň hataryndan bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäde bu babatda liderligi eýeleýär. Dünýäniň iň iri şäherlerinde bu brendiň jinsileri uly islegden peýdalanýar. Birnäçe marketing kompaniýalarynyň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça Mavi brendi jinsi markalarynyň içinde iň meşhury hem iň köp saýlanýany diýlip ykrar edildi. Eýsem, Mavi brendiniň egin-eşiklerini näme üçin saýlaýarlar? Ilkinji nobatda, gündelik geýmek üçin rahat! Galyberse-de, berkligi, ýokary hili, bahasynyň elýeterliligi onuň artykmaçlyklarynyň üstüni ýetirýär. Bu brendiň jinsileri ýokary materiallardan taýýarlanyp, olarda hatda sport türgenleşiklerini geçmek hem mümkin. MAVI brendiniň resmi dükany Aşgabatda hem hereket edýär. MAVI dükany erkekler hem-de zenanlar üçin bölümlerinde möwsüme görä köýnekleriň, jinsileriň, aksessuarlaryň giň toplumyny amatly bahadan hödürleýär. Belläp geçsek, Türkmenistanyň Taekwondo ITF federasiýasynyň ýolbaşçysy, halkara derejeli sport ussady, halkara derejeli emin Gaýgysyz Atabaýew MAVI brendiniň jinsileriniň taekwando ýaly sportuň çylşyrymly görnüşi bilen meşgullanmaga hem çydamlydygyny tassyklaýar. MAVI dükany şäher içine eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär. Şeýle hem Türkmenistanyň islendik ýerine eltip bermek hyzmaty bar. Dükanlarda tölegler nagt hem nagt däl görnüşde kabul edilýär. Mavi we başga-da köp sanly brendleriň egin-eşiklerini Asmanshop onlaýn söwda platformasyndan hem aňsatlyk bilen sargyt edip bilersiňiz. Munuň üçin öýde Asmanexspress ykjam goşundysynyň Asmanshop bölümine girip, islendik brendiň egin-eşikleriniň ählisini telefonyňyzdan saýlap sargyt edip bolýar. 90 minudyň içinde saýlan egin-eşigiňizi birnäçe ölçegde öýüňize getirer. Saýt: asmanexpress.com/shop/tm «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gaty, MAVI dükany Telefon: +99361643987

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir