Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriler. Bu barada Arkalaşygyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Bişkekde geçirilen mejlisinde Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow aýtdy diýip, TASS belleýär. “2024-nji ýylda Geňeşimiziň mejlisini maý aýynda Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi” – diýmek bilen, ol ilki premýer-ministrleriň duşuşygynyň boljakdygyny belledi. Belläp geçsek, Bişkekde geçirilýän mejlise Russiýanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň hökümet baştutanlary, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň wise-premýerleri, şeýle-de Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň düzümleriniň we Arkalaşygyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşýar.