Britaniýanyň Karen Millen egin-eşik brendi dünýäde stile laýyk geýinýän iň meşhur jübütleri saýlady. Degişli material Metro tarapyndan hödürlenýär diýip, lenta.ru belleýär. Reýtingiň birinji ornunda Keýt Middlton bilen şazada Uilýam ýerleşýär. Olaryň yzyndan aýdymçy Jastin Biber bilen onuň aýaly Heýli Biber gelýär. Üçünji orny model Kendall Jenner we repçi Bad Bunny eýeledi. Bäşligi ýerine ýetiriji Teýlor Swift bilen amerikan futbolynyň oýunçysy Trewis Kelsi, şeýle-de şazada Garri bilen Sasseks gersoginýasy Megan Markl jemleýär. Bellenilişi ýaly, bu reýtingi düzmek üçin markanyň işgärleri Google-daky gözlegleri we sosial ulgamlardaky moda bilen baglanyşykly heştegleri bolan bäş milliondan gowrak postlary seljerdiler.