Deriden (kožadan) erkekler hem zenanlar üçin aýakgaplaryň we aksessuarlaryň dürli görnüşlerini öndürmek bilen meşgullanýan dünýä belli türk brendi bolan «Derimod» indi Türkmenistana geldi. Brendiň ýurdumyzdaky ilkinji resmi dükany paýtagtymyzdaky «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde işläp başlar. Derimod — bu zenanlar hem erkekler üçin deri we dokma aýakgaplaryny, sumkalary, kemerleri we dürli penjekleri öndürýän türk markasydyr. 1974-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýanyň bu günki gün dünýäniň dürli künjeklerinde resmi dükanlary bar. Diňe Türkiýäniň özünde brendiň 110-dan gowrak dükanlary bar. Şolaryň üsti Aşgabatdaky resmi dükan bilen ýetiriler. Aşgabatda «Derimod» brendiniň resmi açylyşy 29-njy oktýabrda sagat 18:00-da geçiriler. Açylyş dabarasyna isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler. Açylyş mynasybetli dükanda brendiň täze önümleri elýeterli bahadan hödürleniler. 20%-e çenli arzanlaşyklar bolar. Iş wagty: 10:00 — 22:00 Salgysy: «Aşgabat» SDAM, 1-nji gat, C-1.62 Instagram: Derimod_tm TikTok: Derimod_tm Tel.: +99361 66-31-13

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir