Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ŞHG-a agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşan wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy tarapyndan habar berildi. Duşuşykda gyrgyz Lideri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidi üçin netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly meýdançasy hökmünde çykyş edýändigini aýtdy. «ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň şu günki mejlisinde ŞHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna we guramamyzyň ösüşiniň mundan beýläk-de güýçlenmegine möhüm goşant goşjak degişli kararlaryň we resminamalaryň kabul ediljekdigine ynanýaryn» diýip, Prezident Sadyr Žaparow aýtdy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 26-njy oktýabrda Bişkekde geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir