HotCars awtoulag neşiri JD Power, Kelley Blue Book (KBB), Edmunds, RepairPal, CarEdge we Consumer Reports (CR) awtoulaglarynyň ulanylýan bazarynda ygtybarlylygy, tehniki hyzmaty we bahalarynyň amatlylygy baradaky maglumatlary ulanyp, BMW modelleriniň 13-sini sanawda ýerleşdirdi. Sanaw boýunça 2018-nji ýylyň BMW X5 krossoweri birinji orunda durýar, onuň ygtybarlylygyna we hiline J.D.-nyň hünärmenleri tarapyndan baha berlip, kuwwaty mümkin bolan 100 baldan 84 bal aldy. Onuň her ýylky tehniki hyzmaty eýesine ortaça 1186 dollara düşýär. Taryhynyň dowamynda BMW markanyň taryhynyň ugruny düýpgöter üýtgeden käbir modelleri çykardy. BMW X5 şeýle modelleriň biridir. 90-njy ýyllaryň ahyrynda hödürlenen X5, BMW-iň ilkinji krossowerli SUV modeli bolup, kompaniýanyň wnedorožnikleriň agdyklyk edýän bazarynda üstünlik gazanmagyna kömek etdi. Ikinji ýere 100-den 88 bal ygtybarlylyk derejesi bilen, 2017-nji ýylyň BMW 2-seriýasy mynasyp boldy. Onuň bejergisine ýylda ortaça 922 dollar gidýär. Üçünji ýeri 100-den 88 bal bilen 2016-njy ýylyň BMW 5-seriýasy eýeledi. Bu BMW-iň iň ygtybarly modellerinden biridir. Oňa hyzmat etmek üçin ýylda ortaça 892 dollar harçlanýar. 1972-nji ýylda hödürlenen BMW-5 seriýasy şu wagta çenli iň köp satylan ikinji modeli hasaplanýar. Ulanylan awtoulaglaryň bazaryndaky iň ygtybarly BMW-ler: 2018-nji ýylyň BMW X5-i; 2017-nji ýylyň BMW 2 seriýasy; 2016-njy ýylyň BMW 5 seriýasy; 2017-nji ýylyň BMW i3-i; 2016-njy ýylyň BMW 3 seriýasy; 2022-nji ýylyň BMW X1-i; 2011-nji ýylyň BMW 3 seriýasy; BMW Z4 2007; BMW 7 Series 2007; 2017-nji ýylyň BMW X3-i; 2020-nji ýylyň BMW 8 Series Gran Coupe-y; 2022-nji ýylyň BMW 4 seriýasy; 2022-nji ýylyň BMW 7 seriýasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir